Kagyza ýazylan ykbal kuboga mynasyp boldy

Kagyza ýazylan ykbal kuboga mynasyp boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresiniň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guralandygyny bellemek gerek.

Düýn bu halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmen estradasynyň ýyldyzlary teatryň sahnasynda ussatlyklaryny görkezip, kino baýramçylygynyň şowhunyny has-da artdyrdylar. Olar Arkadagyň säheri festiwalynda görkezilen filmlerden aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Medeni çäräniň barşynda halkara kinofestiwalda üstünlikli çykyş eden kino işgärlerini sylaglamak dabarasy hem geçirilip, olara degişli diplomlar gowşuryldy.Türkmenistan gazetinde habar berilmegine görä, Gazagystanyň Gopuz, Täjigistanyň Sary çeşme, Türkmenistanyň Toý köýnek, Umyt, Nesibe, Özbegistanyň Üzüm, Meniň arzuwym Özbegistan, Gyrgyzystanyň Umyt, Öz kakasynyň ogly, Poçtaçy filmleri, Russiýanyň Ahalteke atly filmi, şeýle hem TRT teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň Bozdag Group kompaniýasy diplomlara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.

Soňra kinofestiwalda 3-nji orny eýelän Gazagystanyň Sary ömür filminiň hem-de 2-nji orny eýelän Gyrgyzystanyň Gelin heýkeli filminiň döredijilik toparlaryna baýraklar gowşuryldy.Halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýelän türkmenistanly režissýor Sapardurdy Annaýewe Kagyza ýazylan ykbal filmi üçin Arkadag şäherindäki Akhan binasynyň keşbindäki kubok dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu ýeňiş türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýan üstünliklerimiziň biri bolup, täze taryhymyzyň şöhratly sahypasyna şöhlelendi.

Dabara Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Meşhur türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde fransuz, türk, rus, gyrgyz, täjik, gazak, azerbaýjan we özbek dillerinde aýdymlar ýaňlandy. Arkadag şäheri — bagtyň şäheri atly aýdym aýdym medeni çäräniň aýratyn bezegi boldy. Halklarydyr milletleri ýürekdeş, dost-dogan eýledi.

Goý, türkmen topragynda täze Arkadag şäherinde geçirilýän şeýle halkara çäreleriň dowamaty dowam bolsun!

Ýene degişli makalalar

Türkmen filmi halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýeledi
Režissýor Sapardurdy Annaýew Täze ýyl mynasybetli täze film surata düşürýär
Türkmenistanda Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwal barada dokumental film taýýarlanylýar
Türkmenistanda "Arkadagyň Säheri" atly halkara kino-fim festiwaly geçirildi
Kino sungatynyň baýramy
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar