Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda göçme sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda göçme sergi gurnaldy

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda göçme sergi gurnaldy.

Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ajaýyp sungat eserlerinden A.Hajyýewiň Mollanepes, M.Kakabaýewiň Gülabylar we üzümler, Ý.Grişiniň Güller, M.Ataýewanyň Hereket atly eserleri sergilendi.

Talyp ýaşlar dünýä ülňülerine gabat gelýän ähli amatly şertleri bolan ýokary okuw mekdebinde kämil bilim almaga döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler
Kino sungatynyň baýramy
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Wena baly türkmen-awstriýa medeni hyzmatdaşlygynyň köprüsi