“iPhone 12” tanyşdyryldy ählisi 5G-li

Şu gün agşam (13-nji

oktýabr) Aşgabat wagty bilen 22:00-da “Apple” kompaniýasy “iPhone 12” seriýasyna degişli smartfonlary, şeýle

hem gulaklayk, zarýad beriji we beýleki enjamlaryny

tanyşdyrdy. “iPhone 12” seriýasynda jemi 4 smartfon bolup, ählisi 5G aýratynlygy

bilen üpjün edilipdir. “iPhone 12 Mini”, “iPhone 12”, “iPhone 12 Pro” we “iPhone 12 Pro Max” atly

telefonlaryň ählisinde çarçuwa goýlupdyr. Ýagny, beýleki öndürijileriň käbir

telefonlaryndaky ýaly smartfonyň

ýüzüni tutuşlygyna ekran gaplamaýar. “iPhone 12” gabarasy alýuminden, 12 Pro-laryňky poslamaýan polatdan öndürilipdir.

Telefonlaryň ählisi suwa çydamly tehnologiýa bilen örtülipdir.

“iPhone 12 Mini” we “iPhone 12”-de

has köp reňk saýlawy bar. Maşgalanyň “körpesi” bolan “12 Mini”-niň 5,4 dýuýmlyk ekrany bar. Dünýäniň iň kiçi 5G-li telefony bolan “Mini 12” ýokary tehnologiýa

aýratynlyklary bilen müşderileriň göwnünden turjaga meňzeýär. “iPhone 12”-de we “12 Pro”-da

6,1 dýuýmlyk OLED ekran bar. Maşgalanyň iň uly agzasy bolan “12

Pro Max”-yň ululygy bolsa, 6,7 dýuým. Smartfonlaryň ählisinde

“A14 Bionic” mikroprosessor oturdylypdyr.

Bu prosessor ilkinji gezek täze “iPad Air”-de oturdylypdy.

Iki we üç kamera sensorlary

Smartfonlaryň kameralary hem ýokary durulygy bilen

tapawutlanýar. “12 Mini” we “iPhone 12”-niň

yz tarapynda goşa, “12 Pro” we “12 Pro Max”-da üç kamera sensory göz öňünde tutulypdyr. “iPhone 12”-de

12 megapiksel F1.6 giň hem-de 12 megapiksel F2.4 ultra giň kameralar bar. “Pro”

modellerde bolsa, 12 megapiksel

F1.6 giň, 12 megapiksel F2.4 ultra giň hem-de 12 megapiksel

F2.2 telefoto kameralar oturdylypdyr. Şeýle hem, “Pro” telefonlarda 5x optiki ýakynlaşdyrma aýratynlygy bar. Şeýle hem, “12 Pro” modelleriniň yz tarapynda LIDAR skanner hem

bar. “Apple”-iň ilkinji gezek “iPad Pro” modellerinde ulanan bu tehnologiýasy nanosekunt tizliginde işläp, daş-töweregi 5 metre çenli

ölçäp bilýär. Bu ulgam daş-töweregiň çuňluk kartasyny çykaryp bilýär.

Şeýlelikde, “hyýaly hakykat” tehnologiýasy arkaly hyýaly jisimleri hakyky ýere

ornaşdyryp bilýär.

Bahasy

“iPhone 12 Mini”-niň (64 GB) 699 dollar, “iPhone

12” (64 GB) 799 dollar, “iPhone

12 Pro” (128 GB) 999 dollar, “iPhone 12 Pro Max” (128 GB) 1 099 dollar bahadan satylar. Täze “iPhone” edinen müşderiler onuň zarýad berijisini aýratynlykda

satyn almaly ýa-da ozalky zarýad berijisini ulanmaly bolarlar. Şeýle hem, täze

telefonyň gutusynda gulaklyk hem ýok. Şol sebäpli gutular birneme ýukalypdyr.

Ýene degişli makalalar

Apple tizligini artdyrdy
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Milliarder Worren Baffet bilen agşamlyk naharyny edinmek 19 million dollara satyldy
Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheriniň golaýynda tokaý ýangynlary bolýar
Fanatiki Ýehudiler Aksa Metjidine Hüjüm Gurady