iPhone-da ikitaraplaýyn simsiz zarýadka peýda bolar

iPhone-da ikitaraplaýyn simsiz zarýadka peýda bolar

Iphone 13 Pro-nyň täze Dynamic Island kesikli we 48-megapiksellik kameraly gowulandyrylan wersiýasy bolan iphone 14 Pro-da birtopar öňdebaryjy telefonlara mahsus funksiýalar ýok. Gürrüň ikitaraplaýyn simsiz zarýad beriji barada gidýär.

Bu funksiýa Android-smartfonlaryň köpüsinde bar, olaryň käbiriniň bahasy iPhone 14 Pro-dan ep-esli arzandyr.Apple-iň täze smartfonlarynda geljekde ýagdaýyň üýtgemegi onuň muşdaklaryny begendirer, çünki kupertinoly kompaniýa iPhone üçin tersine simsiz zarýadka patent aldy diýip, Patently Apple habar berýär.

Mesele bu funksiýanyň iPhone-da ilkinji gezek haçan peýda boljagynda.Deslapky myş-myşlara görä, iPhone 15 uzak garaşdyran USB-C razýomyna we has ýokary tizlikdäki zarýadka eýe bolar.

Apple tersine simsiz zarýadka funksiýasyny ornaşdyrmagy iPhone 16 çykýança yza süýşürermi ýa ýok, ony biz indiki ýyl bileris.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar
"Apple” täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrdy
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy