Apple kompaniýasynyň iPhone 15 eltelefonlaryna isleg azaldy

Apple kompaniýasynyň iPhone 15 eltelefonlaryna isleg azaldy

Täze iPhone 15 smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Apple kompaniýasy onuň 2023-nji ýyl üçin önümçiliginiň möçberlerini azaltmak kararyna geldi. Bu barada Haitong International Securities kompaniýasynyň seljerijisi Jeff Punuň sözlerine salgylanýan 9To5Mac neşiri habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ilkibaşda Apple 2023-nji ýylda 83 million sany iPhone 15 kysymly smartfonyny öndürmegi meýilleşdiripdi, indi bu görkeziji 77 million birlige çenli azaldyldy.

Haitong International Securities kompaniýasynyň hünärmeni önümçiligiň kemeldilmeginiň iki sebäbiniň bardygyny belleýär. Birinjisi, täze telefonlar üçin düzüm bölekleriniň üpjünçiliginiň kynçylygydyr. Şol bir wagtda Apple üçin Sonynyň täze fotosensorlary, titan gurşawlar, şeýle-de has inçe çarçuwaly displeýler ýetmezçilik edýär.

Ikinji sebäbi, gymmat bahaly smartfonlara isleg barha pese gaçýar.

Täze iPhone 15 smartfonynyň tanyşdyrylyşy öňdäki sentýabrda bolar.

Ýene degişli makalalar

Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Apple temperaturany ölçeýän we eşidişi barlaýan gulaklyklary öndürer
Geljek ýyl satyp başlar
Maglumat boşlugyndaky durmuş. Internetiň petiklenmegi dowam edýär
Apple Hindistanda zawod gurar