Iri güýmenje desgasy gurlar

Iri güýmenje desgasy gurlar

Rumyniýanyň paýtagty Buharestiň golaýynda dünýäniň iň uly güýmenje desgalarynyň biri gurlar.DraculaLand atly taslamany durmuşa geçirmek üçin 1 milliard ýewro sarp ediler.Toplumyň 2027-nji ýylda gurlup ulanmaga berilmegine garaşylýar. Şäheriň Halkara howa menziliniň golaýynda guruljak toplum 160 gektar meýdany eýelär.

Taslamanyň çäklerinde meýdany 780 müň inedördül metr bolan güýmenje seýilgähi, 22 müň 500 orunlyk konsert we elektron sport arenasy, jemi 1 müň 200 otagly 3 sany myhmanhana, 50 müň inedördül metr meýdany eýeleýän suw toplumy, söwda merkezi, uzynlygy 4,5 kilometrlik ýaryş ýodasy we müňden gowrak iş orny boljak tehnologiýa merkezi gurlar.

Toplumyň ýylda 3 million myhmany kabul etmegine garaşylýar.Bu ýerde 5 müňden gowrak adam zähmet çeker.

Idris Hajyýew,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly
Awtorluk konsert
Halypa kompozitoryň 115 ýyllyk ýubileýi
Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany atly hasabat konsert
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi