Islandiýada gowagyň çökmegi netijesinde 1 adam ýogaldy

Islandiýada gowagyň çökmegi netijesinde 1 adam ýogaldy

Ýerli polisiýa gullugyndan berilen beýanatda, 25 adamdan ybarat syýahatçylar toparynyň Breýdamerkurýýokýudl buzlugyndaky gowaga baranlarynda gowagyň çökendigi, buzluklaryň 4 syýahatçynyň üstüne gaçandygy mälim edildi.

Wakanyň bolan ýerinde 1 adamyň ýogalandygy bellenen beýanatda, 2 adamyň agyr ýagdaýda ýaralanandygy, 1 adamyň saglyk ýagdaýynyň bolsa kanagatlanarlydygy aýan edildi.

Beýanatda 2 adamyň dereksiz ýitendigi, gije togtadylan gözleg we halas ediş işleriniň irden dowam etjekdigi habar berildi.

Buzlugyň çökmeginiň wulkanyň atylmagy bilen arabaglanşykly bolmandygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Wulkanlaryň we buzluklaryň ýurdy
Wulkanlaryň we buzluklaryň ýurduna syýahat
UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün başlar
Basketbol Komandasynyň Ýarym Finaldaky Bäsdeşi Şwesiýa Boldy
Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy
Ronaldo toparyny Ýewropa çempionatyna çykardy