Ispaniýada bolan otly heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 39 adama ýetdi

Ispaniýada bolan otly heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 39 adama ýetdi

Ispaniýada tizligi ýokarlandyrlan iki otlynyň kakyşmagy sebäpli ýogalanlaryň sany 39 adama ýetdi.

Otly heläkçiligi ýekşenbe güni günortadan soň Kordowa welaýatynyň Adamuz şäheriniň golaýynda başdan geçirildi. Tizligi ýokarlandyrlan otly relýesden çykdy we garşy relýesden gelýän tizligi ýokarlandyrlan başga bir otly bilen kakyşdy.

Gözleg we halas ediş işleri tutuş gije dowam etdi.

Ýolbaşçylar wakada onlarça adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Iki otlyda 400-e golaý ýolagçynyň bardygy nygtaldy. Ýanwar aýy Ispaniýanyň Gyzylhaç guramasy ýolagçylaryň hossarlaryna degişli maglumatyň berilmegi üçin Adamuz şäherinde goldaw merkezini açdy.

Otly heläkçiliginiň sebäbi hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.

Ulaglar ministri Oskar Puente X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda ikinji otlynyň ilkinji iki wagonynyň relýesden çykandygyny we wakanyň başdan geçirlen sebitinden gelen habarnamalaryň diýseň gynandyryjydygyny aýtdy.

Duşenbe güni metbugata beýannama beren ministr Puente heläkçiligi “täsin” hökmünde häsiýetlendirdi.

Puente wakanyň maý aýynda gymmaty 700 million ýewro ýagny 728 million dollara barabar bolan taslama bilen abatlanan düz relýesde başdan geçirlendigini nygtady.

Ispaniýada 2013-nji ýylda Madritden Galisiýa tarap barýan tizligi ýokarlandyrlan otlynyň relýesden çykmagy sebäpli 79 adam ýogalypdy, 179 adam hem ýaralanypdy.

Waka ýurduň demirýol taryhynyň iň uly heläkçiliklerinden biri hökmünde bellige alnypdy.

Ýene degişli makalalar

25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Rostowly ýiten balykçylaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi
Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge
Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy
Ermenistanda Partlama Boldy
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar