
Ispaniýanyň Kanar adalary başda bolmak bilen Mursiýa, Walensiýa, Balear adalary we Kataloniýa sebitlerine ýaramaz täsir ýetiren tupan we aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 1 adam ýogaldy.
Mursiýada aşa ýagan ýagyşlar sebäpli öýleriň biriniň diwarynyň ýumrulmagy netijesinde 62 ýaşyndaky erkek adam ýogaldy.
Şol adamyň jesedi öýünden 300 metr alysda tapyldy.
Ýurtda 24-nji sentýabrda bäri täsrli bolan ýaramaz howa şertleri esasan hem Kanar adalaryna uly täsir ýetirdi, Gran Kanar, Tenerife, Lanzarote adalaryna 671 uçar sapary goý bolsun edildi.
Käbir sebitlerde her 1 ind metre 300 litr ýagyşyň ýagandygyny aýdan resmiler, tupanyň we aşa ýagýan ýagyşyň ertirden başlap ýurdy terk etmäge başlajakdygy aýan edildi.