Ispaniýaly Karrenýo-Busta Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal üçin oýunda Jokowiçi utdy

Ispaniýaly Karrenýo-Busta Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal üçin oýunda Jokowiçi utdy

Ispaniýaly tennisçi Pablo Karrenýo-Busta Olimpiýa ýaryşynyň bürünç medaly üçin oýunda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 6:4, 6:7 (6:8), 6:3 hasabynda 30 ýaşly ispaniýaly türgeniň peýdasyna tamamlandy.

Karrenýo-Busta turnir jedwelinde altynjy belgi bilen ýerleşdirildi.Jokowiç birinji belgidedi.Jokowiç 34 ýaşynda, ol Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde (ATP) birinji orny eýeleýär.Iýul aýynda ol yzygider üçünji gezek “Wimbledon” ýaryşynyň ýeňijisi boldy we “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 20-nji titula eýe bolmak bilen, bu görkeziji boýunça ispaniýaly Rafael Nadal hem-de şweýsariýaly Rojer Federer bilen deňleşdi.

Ol dokuz gezek Awstraliýanyň Açyk çempionatynda, alty gezek “Wimbledonda”, üç gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynda we iki gezek Fransiýanyň Açyk çempionatynda ýeňiji boldy.Onuň hasabynda ATP ýaryşlarynda jemi 85 ýeňşi bar. Şeýle-de, ol Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyň (2008) bürünç baýrakçysydyr.

Karrenýo-Busta dünýä reýtinginiň 11-nji setirinde ýerleşýär.Onuň hasabynda ATP ýaryşlarynda alty ýeňşi bar. “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ol iki gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (2017, 2020) ýarym finalyna çykdy.

Ýene degişli makalalar

Daniil Medwedew indiki hepdeden dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Daniil Medwedew ATP Cup-yň taryhynda ýeňiş sany boýunça iň gowy oýunçy boldy
Nadal Australian Open-iň finalynda Daniil Medwedewi utdy
Andreý Rublýow ATP ýaryşynyň finalynda Nowak Jokowiçden üstün çykdy