IT CAMP — ORLAN kompaniýasynyň öwreniji programmistler üçin täze taslamasy

IT CAMP — ORLAN kompaniýasynyň öwreniji programmistler üçin täze taslamasy

ORLAN kompaniýasy programmirleme işini täze öwrenip başlan programmistleri bilim taýdan kämilleşdirmäge gönükdirilen täze IT CAMP taslamasyny ýola goýýar. Bu taslamanyň çäklerinde Açyk gapylar güni geçirilip, onda öwrenmäge isleg bildirýänleriň ählisi halypalaryň öwretjek bilimleriniň maksatnamasy bilen tanşyp bilerler.

Açyk gapylar güni 5-nji fewrala çenli her gün geçirilýär. Bu ýere gelýänler IT CAMP taslamasynyň maksatnamasy bilen tanşyp hem-de tanyşdyryş sapagyna tölegsiz gatnaşyp bilerler. Açyk gapylar gününe gatnaşmak üçin deslapdan hasaba alynmak zerurdyr. Çäreler ORLAN kompaniýasynyň şu salgyda ýerleşýän ofisinde geçiriler: Aşgabat ş., Rysgal işewürlik merkezi, 8-nji gat, 810-njy ofis.

Çäräniň geçirilýän wagty: 16:00-dan 17:00-a hem-de 19:00-dan 20:00-a çenli.

Ýazylmak üçin telefon belgileri: (+993 63) 59 79 90, (+993 63) 10 59 21.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

IT CAMP taslamasynyň maksatnamasy şu modullary öz içine alýar:

- programmirlemek (Frontend we Backend); - botlary, oýunlary, uýgunlaşdyrylan saýtlary, messenjerleri döretmek; - data seljerme, algoritmiki meseleleri çözmek; - öz emeli aňyňy (AI) döretmek.

Halypalaryň alyp barýan işi tejribä (80%) we teoriýa (20%) esaslanýar. Bu ýerdäki halypalar — halkara derejeli tejribeli bilermenlerdir.

Taslamanyň aýratynlygy işiň we işewürligiň ähli ugurlarynda uly isleg bildirilýän, tiz ösýän emeli aň ulgamynda amaly başarnyklary özleşdirmäge mümkinçilik berýänligidir.

Taslamanyň çäklerinde geljekde degişli ugurdan işe girmegi ýeňilleşdirýän üstünlikli söhbetdeşlik geçirmek barada trening geçiler. Mundan başga-da, kompaniýanyň beýleki okuwlary üçin arzanladyşlar göz öňünde tutulandyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekilleri Bütindünýä emeli aň maslahatyna gatnaşdy
45 ýaşynda karýerasyny tamamlady
Türkmenistan-Eýran serhedindäki Sarahs geçelgesinde ýük awtoulaglaryň gatnawy üç esse artdy
Zelenskiý Russiýanyň Raketaly Hüjümlere Taýýarlyk Görýändigini Öňe Sürdi
ITEA programmirlemegiň esaslaryny öwrenmek boýunça okuwlar barada habar berýär
Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy