Italiýada mafiýanyň lideri göz tussaglygyna alyndy

Italiýada mafiýanyň lideri göz tussaglygyna alyndy

60 ýaşyndaky Matteo Messina Denaro Sisiliýa adasynda bejergi bolmak maksady bilen baran klinikasynda göz tussaglygyna alyndy.

Italiýanyň polisiýasynyň berýän habaryna görä, mafiýanyň lideri gözlenýänleriň sanawynda öň hatarda durýardy.

Matteo Messina Denaronyň göz tussaglygyna alynmagy bilen bagly materiallar sosial mediada paýlaşyldy.

Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni operasiýany uly ýeňiş hökmünde häsýetlendirdi we polisiýa işgärlerini gutlady.

Mafiýanyň baştutany Matteo Messina Denaronyň özüne garşy gozgalan kazyýet işini alyp baran 2 prokuroryň öldürilmegi bilen birlikde, jemi 3 aýry kazyýet işi boýunça ömür boýy azatlykdan mahrum edilmek barada karar bardy.

Ýene degişli makalalar

Italiýanlar ählumumy saýlawlara taýýarlanýar
Blinken Kiýewe Bardy
24-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Amerikan Saýlawy
Buzluklaryň erändigi üçin serhet gaýtadan çyzylar
Ýurdumyzyň alpinistleri Gimalaý dagynyň Manaslu gerşinde Türkmenistanyň baýdagyny dikdiler