Italiýanlar ählumumy saýlawlara taýýarlanýar

Italiýada geçiriljek umumy saýlawlara sanlyja gün galdy. Saýlawçylar 25-nji sentýabrda, ýekşenbe güni saýlaw uçastoklaryna bararlar.

Italiýada, saýlaw kanunyna görä, jemgyýetçilik pikir soralyşyklary saýlawlara 15 gün galanda çap edilmeýär.Soňky sosiologik barlaglara görä, Jorji Meloniniň “Italiýanyň doganlary” partiýasy, Matteo Salwininiň “Ligi” partiýasy we Silwio Berluskoniniň “Öňe, Italýa!” partiýasyndan ybarat merkezi sagçy bileleşigi 50% töweregi ses alyp, Wekiller palatasynda we Senatda orunlaryň aglaba köplügine eýe bolup biler.

Enriko Lettanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky çepçi bileleşik bolsa, bäsdeşlerinden 20% yzda.

Ýene degişli makalalar

Italiýada mafiýanyň lideri göz tussaglygyna alyndy
Blinken Kiýewe Bardy
24-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Amerikan Saýlawy
Buzluklaryň erändigi üçin serhet gaýtadan çyzylar
Ýurdumyzyň alpinistleri Gimalaý dagynyň Manaslu gerşinde Türkmenistanyň baýdagyny dikdiler