Italiýanyň Daşary işler ministri dikuçar heläkçiligi barada beýannama berdi

Italiýanyň Daşary işler ministri dikuçar heläkçiligi barada beýannama berdi

Di Maýo Toskana we Emiliýa-Romanýa sebitleriniň arasyndaky Apenin daglarynda 7 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen dikuçar heläkçiligi bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýannama berdi.

Di Maýo: "Italiýan uçarman, 4 türk we 2 liwanly raýatyň ýogalan Kusna depesindäki dikuçar heläkçiligine gynanç bildirýärin. Ýogalanlaryň maşgalalaryna gynanç bildiriýärin. Arakesmesiz ýagdaýda işini dowam etdirýän gözleg we halas ediş toparyna minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi.

Beýleki tarapdan Italiýanyň metbugaty wakanyň näme sebäpli başdan geçirilendiginiň bir syrdygyny, wakanyň ýaramaz howa şertlerimi ýada başga bir sebäpli bolandygyny öňümizdäki günlerde mälim boljakdygyny habar berdi.

Italiýanyň Lukka şäherinden Trewizo şäherine gitmek maksady bilen 9-njy iýunda 7 adam bilen ýola çykan dikuçar, birnäçe wagt soň radardan ýitipdi.

Italiýanyň Howpsuzlyk güýçleri, dikuçaryň bölekleriniň 11-nji iýunda irden 1922 metr beýiklikdäki Kusna depesinde tapypdy we gysga wagt soň wakada halas bolan adamyň ýokdugyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Maradona. Messi. Mundial
Messi DÇ-2022-niň iň gowy oýunçysy boldy