Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy

Emiliýa-Romanýa we Toskana sebitleriniň arasyndaky serhedi emele getirýän Apenin dagyndaky Suwian kölündäki energetika kärhanasy "Enel"-e degişli bolan gidroelektrik desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy.

Italiýanyň Rainews24 kanalynyň habar bermegine görä, desganyň suwuň aşagyndaky bölümi bolan -9-njy gatda we kölde gözleg işlerini geçiren daýwerler, dereksiz ýiten 4 adamyň 3-siniň jesedini tapdylar. Şeýlelik bilen wakada ýogalanlaryň sany 6-a ýetdi.

Dereksiz ýiten ýene-de bir adamyň gözleg işleriniň dowam edýändigi mälim edildi.

Desgadaky partlama bilen baglanşykly Bolonýanyň Baş prokuraturasy tarapyndan gozgalan kazyýet işiniň çäginde derňew işleriniň dowam edýändigi aýan edildi.

Desganyň degişli bolan Enel firmasynyň ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we ýaralanan adamlara psihologiki goldaw bermäge başlandygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy
Dünýäniň meşhur otluly syýahatlary
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Ýylyň garaşylýan filmleri
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Maradona. Messi. Mundial