Maradona. Messi. Mundial

Maradona. Messi. Mundial

18-nji dekabrda Argentinanyň we Fransiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda Katarda geçirilen 2022-nji ýylky futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygy oýnaldy. Esasy we goşmaça wagty 3:3 hasabynda deňlikde tamamlanan gapma-garşylykda oýundan soňky penaltiler boýunça 4:2 hasabynda Argentina ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, Argentina Maradonanyň döwründen soňra, 1986-njy ýyldan bäri ilkinji çempionlygyna Messi bilen ýetdi.

Adatça, ertekiler iki hili bolýar. Birinjisinde, haýsydyr bir pukara ýigit aždarhany öldürip, şagyzyna we ummasyz mal-mülke eýe bolýar. Ikinjisinde bolsa baş gahryman — şazadanyň şagyzyna ýetmek üçin özüni ykrar etdirmegi gerek. Ol ýaý atypmy, küşt oýnapmy, ädik dikipmi, garaz, bir zat edip, adaty adamlaryň arasynda hem günemasyny dolandyryp biljegini, oňa ähli zadyň takdyr tarapyndan berlendigini subut etmeli.

Maradonanyň karýerasy birinji agzan ertekimize kybapdaş. Ol hemişe hemme kişä garşy çykmaga mejburdy, şonuň üçin hem ony diňe özi ýaly pukara adamlar gowy görýärdiler. Garşydaşlary onuň ýalňyşyndan peýdalanmaga, onuň aýagyna depmäge mydama taýýardylar. Maradona özüniň soňky iki mundialyny aglap terk etdi — birinjisinde Argentinanyň derwezesine tarap bellenilen jedelli penalti üçin, ikinjisinde meýdançadan daşardaky oýunlar sebäpli...

Messi — şazada.Ikinji agzan ertekimiziň baş gahrymany.Ol Barselona şalygynda ulaldy, ýigit çykanda bolsa tagt oňa taýýar durdy.Hatda hökmürowanlygyň diňe Messä degişli bolmagy üçin oňa päsgel berip biljek Ronaldinýo, Zlatan ýaly oýunçylar hem topardan giderildi.

Aslynda, Ispaniýada Şalyk kluby Real hasaplansa-da, hakyky patyşalyk Barselonada bar. Çünki Bernabeuda hiç kim müdimilik gowy görülmeýär.Ol ýerde gladioatorlar täze gahryman peýda bolýança dynuwsyz söweşýärler, özlerini ykrar etdirmäge çalyşýarlar.

Bu ýeriň mähellesi şahsyýetleri däl-de gollary, ýeňişleri halaýar.Kamp Nou bolsa söýgä we wepadarlyga sarpa goýulýan bagtyýar patyşalyk.Messi, ana, ol patyşalygyň tagty nesip eden şazada. Ýöne...

Messi şazada hem bolsa şu wagta çenli birinji ertekiniň gahrymany bolan pukaraja ýigit — Maradonadan pes saýylyp gelindi.Muňa sebäp hökmünde onuň üçin ähli zadyň başgalar tarapyndan taýýarlanylyp goýlandygy, özüni ykrar etdirer ýaly özüniň adatdan daşary zat etmändigi zol-zol tekrarlandy.

Tankytçylaryň aýtmagyna görä, Messiniň üstünlikleriniň aňyrsynda onuň öz ussatlygyna garanyňda Gwardiolanyň tiki-takasy, Inýesta we Hawi ýaly topardaşlar, topardaky çäklendirilmedik erkinlik ýaly onlarça sebäbiň ülşi has köp. Şeýle bolansoň, ählisini öz güýjüne daýanyp eden pukara ýigit (Maradona) hemişe taýyn tagta eýe çykan şazadadan (Messiden) rüstem görüldi.

Tä şazada özüniň adaty däldigini adaty adamlaryň arasynda subut edýänçä...

Messi — dogabitdi zehin. Şonuň üçin hem oňa başga planetaly diýilýär. Ýöne şu gezekki mundialda şol başga planetaly zehiniň gerdenine adamlara mahsus borçlar ýüklendi. Gülki, gazap, arzuw, çäresizlik, hyjuw, gorky...

Şazada birinji gezek şeýle synaga duçar boldy.Bu synagda ol diňe gol urman, topardaşlaryna pas bermäge, meýdançada ýüki öz egnine almaga, garaz, şu çaka çenli öwrenişmedik işleriniň ençemesini ýerine ýetirmäge mejbur.

Mundan başga-da, şazada hökmünde diňe öz göwnüni oýlap öwrenen Messi indi başgalar hakda hem pikir etmäge, olaryň göwnüni tapmaga, daşynda jebisleşdirmäge, olary özlerini taryhyň bir bölegi hasaplamaga höweslendirmäge jogapkär.

Birden finaldaky ýaly hemmesi tersine gitse, ruhdan düşmezlik üçin hemmä ýeterlik güýç tapmak hem Messiniň boýnuna.Ol muny aňryýany bilen başardy. Öňküden gowy ylgady, gowy aldady, gowy oýnady. Özi-de muny öňküden gowy oýunça öwrülmezden edip başardy. Üns beren bolsaňyz, Argentinanyň her bir oýnunda gahryman başga-başga oýunçy.

Birinde Huliýan Alwarez, ikinjide Enzo Fernandes, soň Di Mariýa, soň Emiliano Martinez.Messi heniz adyny argentinaly bolmadyk janköýerleriň tanamaýan tälimçisi bilen, birine gögele, beýlekisine döwri geçen diýlen adaty Braýtondyr Benfikalaryň oýunçylaryndan düzülen ýygyndyny dünýä futbolunyň çür depesine çenli galdyryp bildi.

Başgaça aýtsak, Messi olary çempiona öwürdi, olar bolsa Messini...

Şeýlelikde, erteki bagtyýar jemleme bilen tamamlandy. Özüniň kimdigini özünden geçip subut eden şazada Messi ömrüniň iň esasy arzuwynyň wysalyna gowuşdy. Indi durmuş täze ertekiler, täze gahrymanlar bilen dowam eder...

Ýene degişli makalalar

44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Maradonanyň eli we ikinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1986)
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)