ITEA akademiýasy aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapagyny geçirýär

ITEA akademiýasy aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapagyny geçirýär

ITEA Halkara IT akademiýasy gyzyklanma bildirýänleriň ählisini Aragatnaşyk tehnologiýaarynyň esaslary diýen mowzuk boýunça geçirýän ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar aragatnaşyk tehnologiýalary, olaryň maksady we esasy düzüm bölekleri, howpsuzlyk we torlary goramagyň usullary bilen tanyşdyrylar. Şeýle hem IP adresler we DHCP barada hem maglumat berler.

Ussatlyk sapagyny programmist we Haýtek hojalyk jemgyýetiniň 4 ýyldan gowrak tejribesi bolan IT hünärmeni — Şamuhammet Çäşemow.

Ussatlyk sapagy 27-nji iýunda sagat 18:30-da Berkarar işewürlik merkeziniň 1-nji gatynda, Iş nokady kompaniýasynyň ofisinde geçiriler.

Sapaga gatnaşmagyň tölegi — 50 manat. Oňa deslapdan ýazylmak üçin şu salgylanma ýa-da (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Kenarýaka şäheriň mekdep okuwçylary milli taslama bäsleşigine taýýarlyk görýärler
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işgärleriniň 70-e golaýyny sylaglady
Bagçylyk ulgamynda güýçliler kesgitlenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda