ITEA akademiýasy we Coddy programmirleme mekdebi Açyk gapylar gününi geçirýär

ITEA akademiýasy we Coddy programmirleme mekdebi Açyk gapylar gününi geçirýär

ITEA halkara IT akademiýasy we çagalaryň Coddy halkara programmirleme mekdebi nobatdaky gezek Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny Nädip başdan başlap oýun işläp düzmeli we nähili ýagdaýda ondan gazanç etmeli? diýen mowzuga bagyşlanan Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar.

Çäräniň dowamynda myhmanlar programmirlemäni özleşdirmäniň peýdaly artykmaçlyklaryny we ITEA hem-de Coddy-da kompýuter oýunlaryny işläp düzmegiň esaslaryny öwrenerler.Jübi telefonyndan kompýutere we oýun konsolyna çenli islendik operasiýa ulgamyna we islendik oýun enjamyna uýgunlaşdyrylan oýunlary döretmek üçin ulanylýan Unity 3D, Unreal Motor, Roblox Studio oýun hereketlendirijileri barada, şeýle-de 3D wizualizasiýa döretmek üçin ulanylýan Blender programmasy dogrusynda esasy bilim alarlar.

Mundan başga hem, bu gün gatnaşyjylar grafiki dizaýnyň esaslary barada baý maglumatlary alarlar.

Açyk gapylar gününde mentorlar German Fetisow (programmist, oýun düzüji, grafiki dizaýner we 3D suratkeş) hem-de Ýakup Mätiýew (programmist, oýun düzüji, Koddi mekdebiniň robot mugallymy) dagy myhmanlaryň öňünde çykyş ederler.

Açyk gapylar güni 14-nji aprelde sagat 18:30-da Iş nokady kompaniýasynyň Berkarar söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän ofisinde geçiriler.

Bu çärä gatnaşmak üçin şu salgylanmada ýerleşdirilen arzany doldurmak zerurdyr. Şeýle-de, Açyk gapylar gününe gatnaşmaga (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92 telefon belgileri arkaly ýazylyp bolýar.

Çäräniň girişi tölegsiz bolup, gatnaşyjylar üçin niýetlenen ýerler çäklidir.

Ýene degişli makalalar

Coddy programmirleme mekdebinde Häzirki zaman dünýäsinde robototehnika atly temadan Açyk gapylar güni geçirilýär
Halk saz gurallary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Iş nokady we Coddy halkara programmirleme mekdebi nobatdaky çärä gatnaşmaga çagyrýar
Coddy programmirleme mekdebi Roblox Studio arkaly oýun işläp düzmek boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar
Coddy programmirleme mekdebi RobloxStudio-da 3D modelirlemek boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar