Iş nokady we Coddy halkara programmirleme mekdebi nobatdaky çärä gatnaşmaga çagyrýar

Iş nokady we Coddy halkara programmirleme mekdebi nobatdaky çärä gatnaşmaga çagyrýar

Iş nokady kompaniýasy bilen Coddy halkara programmirleme mekdebiniň Türkmenistandaky merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilýän ussatlyk sapaklarynyň dördünji güni çagalar üçin niýetlenen Coddy programmirleme mekdebiniň işi bilen baglanyşykly bolar.

Çäräniň mowzuklary Coddy Älemi hem-de Roblox Studionyň kömegi bilen 30 minutda oýun döretmek bolar.

Coddy halkara programmirleme mekdebiniň Türkmenistandaky merkeziniň wekili Nikolaý Toçilkin çäräniň myhmanlaryny Coddy taslamasynyň konsepsiýasy hem-de bu mekdepde okamagyň şertleri barada düşündirer.

Şeýle-de bu ýerde spikerler hökmünde ITEA halkara akademiýasynyň we Coddy programmirleme mekdebiniň mentorlary — German Fetisow bilen Ýakup Mätiýew dagy çykyş eder.

Ussatlyk sapaklaryna gatnaşýanlaryň her biri Roblox Studionyň kömegi bilen oýun döretmek işine gatnaşmaga, Terrain Editor gurallarynyň ýörelgeleri bilen tanyşmaga, geljekki oýnuň keşbini döretmäge we ýokary derejeli LUA programma dili bilen tanyşmaga mümkinçilik alar.

Bu çärä gatnaşýanlara Coddy halkara programmirleme mekdebi tarapyndan birnäçe baýraklar we sowgatlar garaşýar.

Çäre 9-njy fewralda sagat 18:30-da A.Nyýazow köçesinde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynyň 8-nji gatynda geçiriler. Gatnaşmak üçin giriş tölegi 150 manat bolup, oňa deslapdan hasaba alynmak zerurdyr.

Goşmaça maglumatlary şu telefon belgilerden anyklap bilersiňiz: 21 04 99, (+993 63) 47 11 92.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň S7 Airlines awiakompaniýasy Türkmenistana yzygiderli gatnawlary dikelder
Türkmenabatda iýul aýyndaky jemgyýetçilik kabul edişliginiň haçan geçiriljekdigi mälim edildi
Maryda ençeme bazar gaýtadan ýapyldy
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşy amala aşyrar
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýörite uçuşyň senesini yglan etdi
Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýörite uçar gatnawyny guraýar