Jahankeşdeleriň sany artýar

Ispaniýa barýan jahankeşdeleriň sany barha artyp, olar bu ýurda has köp girdeji getirýärler. Ýurduň milli statistika institutynyň tassyklamagyna görä, Ispaniýa bu ugurda öňdeligi eýeläp rekord goýýar.

Geçen ýyl jemi 83 milliondan gowrak daşary ýurtly Ispaniýa syýahat etmegi makul bilipdir. 12 aýyň içinde myhmanlaryň eden umumy çykdajylary 92 milliard ýewro deň bolup, onuň 2018-nji ýylyň görkezijilerinden ýokarydygy habar berilýär.

Syýahatçylaryň has köpüsi Beýik Britaniýadan gelip, olaryň sany çen bilen 18 milliona deňdir. Şeýle hem ýurda 11 million fransiýaly, şonça hem germaniýaly we 1 milliondan gowrak russiýaly syýahatçy gelipdir. Kanar we Balear adalary, şeýle-de, Andalusiýa welaýaty ýurda gelýän jahankeşdeleriň iň söýgüli mekanlarydyr.

Ýene degişli makalalar

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Iň gowy dynç alyş-kenarýaka ýerleri
Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar
Türkmenistanly atletler tomusky Aziadanyň oýunlarynda medal ugrunda bäsleşer