Jaz sazlarynyň ilçilerirniň Türkmenistandaky çykyşlary tamamlandy

ABŞ-dan Ari Rolandyň ýolbaşçylygyndaky jaz dörtlügi Aşgabatda, Nebit-gaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezindäki konserti bilen ýurdumyzdaky çykyşlaryny jemledi.Tanymal sazandalar, şeýle hem Maryda we Türkmenabatda konsert berdiler.

Ari Rolandyň dörtlügine ýöne ýerden jaz sazlarynyň ilçileri diýilmeýär olar medeni gatnaşyklar maksatnamalaryna işjeň gatnaşýarlar we dünýäniň dürli künjeklerinde diňleýjileri öz sungaty bilen tanyşdyrýarlar.Indi olar bilen tanşalyň.

Dörtlügiň ýolbaşçysy kontrabasçy Ari Roland.Ol 16 ýaşyndan professional sahnada çykyş edip gelýär.Indi otuz ýyl bäri Nýu-ýorkly jaz ussady gastrollara gidýär we jaz ýyldyzlary bilen sazlary ýazga geçirýär.

Alt-saksofonçy Zeýd Nasser hem Nýu-Ýorkdan.Onuň kakasy Jamil Nasser jaz we blýuz sazlarynyň ussady. Şeýle hem Ahmad Jamal, Papa Jo Jons we Jorj Koulman ýaly jaz sazlaryny çalmakda tanymallyga ýeten ussatlar oňa halypalyk edipdiler.

Zeýd häzirki wagtda tutuş dünýä ýüzüne ýygy-ýygydan gastrola gidýär, ata kesbini dowam ediň, jaz we blýuz sazlaryny äleme ýaýýar.Dörtlügiň ýene bir agzasy tenor-saksafonçy, kompozitor we sazlary aranžirleýji Kris Baýers.

Ol Linkoln-merkeziniň jaz fakultetinde bilim alypdyr.Steeplechase ses ýazýan kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýeri gelende aýtsak, onuň diskleriniň arasynda türkmen sazlarynyň temasyna improwizasiýalar hem bar.Dep gurallarynyň sazandasy Kit Balla Tehas ştatynda dogulýar, 17 ýaşynda Nýu-Ýorka göçüp gelýär, bu ýerde hem onuň hünär ösüşi başlanýar.

Kit Balla amerikan we halkara jaz festiwallaryna işjeň gatnaşýar.Gastrollara gidip, dünýä ýurtlarynyň 30-dan gowragynda ussatlyk sapagyny berdi. Üstünlikli çykyş edýän sazandalaryň dörtlüge birleşmegine näme sebäp boldy diýen sowala Kit özüne mahsus degişme bilen şeýle jogap berdi: -Nýu-ýorkly üç sazanda tehasly ýigit ýada maňa kärdeşlerimiň aýdyşy ýaly Kowboý duşýança jaz klublarynda gabatlaşar ýörer eken.

Meniň bilen birlikde dörtlüge jemlenşeli diýen ajaýyp pikir hem kellä geldi.Onsoň bizem birleşdik oturyberdik.Ari Rolandyň toparynyň ilkinji gastrolynyň Türkmenistana bolandygyny, bu ýerde olaryň açyk göwünli kabul edilendigini we uly üstünlik gazanandygyny bellemek gerek. Şo döwürden, 2008-nji ýyldan bäri jaz dörtlügi 51 ýurtda çykyş etdi.

Ari Rolandyň aýdyşy ýaly, indi ýedinji gezek çykyş eden ýurdy Türkmenistan sazandalaryň ruhuna ýakyn ýurt, bu ýerde olaryň dostlary ýaşaýar.Konsert jaz ägirtlerini biri, bu saz ýörelgesiniň ösmegine we ýaýylmagyna güýçli täsir eden Lui Armstronga bagyşlanma bilen açyldy.

Sazandalar aşgabatly saz muşdaklaryny ussatlygy we improwizasiýa öwüşginleri bilen özüne maýyl etdiler.Olary we diňleýjileri jaz owazlary birleşdirdi.Baba Nyýazow, Wladimir Mkrtumow, Konstantin Timurhanow, Igor Şewsow, Umyt Aýnazarow ýaly türkmen jaz sazandalary hem Ari Rolandyň topary bilen bilelikde çykyş etdiler.

Sazandalar: Sag bol!Cпасибо!Thank you very much!diýip, göwnaçyk aşgabatlylary mübäreklediler, sazdan lezzet alan diňleýjilerem şu sözleri amerikaly ussatlara gönderip, Jaz älemine ýatdan çykmajak syýahaty peşgeş berendigi üçin olara minnetdarlyk bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda bu hepde
Rolan Garros Nadalyň 14-nji çempionlygy bilen tamamlandy
Rolan Garros — 2023: zenanlaryň arasynda ilkinji onlugyň üçünji wekili ýaryşdan çykdy
Rolan Garros: ýarym finaldaky ilkinji braziliýaly tennisçi boldy
Rolan Garros — 2023: Swýontek ýene çempion
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary