Nowak Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň ýeňijisi boldy

Nowak Jokowiç ýedinji gezek Uimbldonyň ýeňijisi boldy

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Uimbldon ýaryşynyň finalynda awstraliýaly Nik Kirýosdan üstün çykyp, ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Duşuşygyň netijeleri — 4:6, 6:3, 6:4, 7:6 (7:3).Duşuşyk 3 sagat 4 minut dowam etdi.Jokowiç Uimbldon ýaryşynyň bassyr dördünji gezek ýeňijisi boldy, umumylykda ol karýerasynda ýedinji gezek bu ýaryşda ýeňiji boldy. 35 ýaşly serbiýaly türgen Uly tuwalganyň 21-nji ýaryşynda ýeňiş gazandy. 27 ýaşly Kirýos ilkinji gezek Uly tuwalga ýaryşynyň finalyna ýetdi.

Kirýos Rafael Nadal şikesi zerary ýarymfinaldan aýrylandan soň, finala çykmaga hukuk gazandy. Ýaryşlaryň gaznasy 40 mln 350 müň funt sterlinge barabar.Uly tuwalga ýaryşlarynyň tapgyrlary tennisde iň abraýlysy hasaplanylyp, dört ýaryşy birleşdirýär: Awstraliýanyň (Australian Open), Fransiýanyň (Roland Garros) we ABŞ-nyň (US Open) açyk çempionatlary, şeýle hem Beýik Britaniýanyň Uimbldon ýaryşy.

Ýene degişli makalalar

Rolan Garros — 2023: Swýontek ýene çempion
Nowak nobatdaky rekordy täzeledi
Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy
Jokowiç sanjym almak islemeýändigi sebäpli Monrealdaky ýaryşa gatnaşyp bilmez
Jokowiç US Open-e gatnaşmajakdygyny habar berdi
Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy