Jebeliň täze howa menziliniň gurluşygy Gündogdy hususy kärhanasyna ynanyldy

Jebeliň täze howa menziliniň gurluşygy Gündogdy hususy kärhanasyna ynanyldy

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Gündogdy” hususy kärhanasy bilen Halkara howa menziliniň toplumy üçin eltiji awtomobil ýollaryny, aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak, umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu baradaky degişli Karara 1-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Halkara howa menziliniň toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat halkara howa menziliniň ýangyç beketleri heniz hem doly işe girizilmedi
Jebel şäherçesindäki Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlanýar
Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy
Ozal bitiren işleri sorag astynda galýan hususy kärhana täze aeroport ynanyldy
Gündogdy hususy kärhanasy Jebelde (Balkan welaýaty) Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlady.
Türkmen kärhanasy Jebeldäki Halkara aeroportuň gurluşygyny alyp barýar