“Jo Baýdenden Tapawutly Çemeleşme we Gowy Niýet Görmedik”

“Jo Baýdenden Tapawutly Çemeleşme we Gowy Niýet Görmedik”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdenden we Amerikan höklümetinden “heniz gowy niýet we tapawutly çemeleşme görmändiklerini” aýtdy.

Eýranyň dürli welaýatlarynda saglygy goraýyş pudagynda iş ýüzüne geçirilen käbir taslamalaryň açylyş dabarasyna wideokonferensiýa usuly bilen gatnaşan Ruhani, sözlän sözünde Amerikan hökümetini tankyt etdi we ýadro ylalaşygy boýunça işe girişmegini isledi.

ABŞ-da wezipe möhleti gutaran Donald Trampy “uly terrorçy we biabraý” hökmünde häsýetlendiren Ruhani, Baýdeni ozalky hökümetiň ýolundan yza gatmaga çagyryp: “Eýrana garşy maksisu basyş syýasaty netije bermedi, dünýäde hiç kim oňa ikirjiňli garamaýar.

ABŞ-nyň täze hökümetinden heniz gowy niýet we tapawutly çemeleşme görmedik.Diskurslary üýtgedi, emma iş ýüzünde üýtgän zat ýok.Edilen jenaýatlaryň öwezini nahili dolmak isleýändikleri hem belli däl” diýdi.

Trampyň gaýtadan goýan sanksiýalary sebäpli Eýranyň halkynyň çekýän kynçylyklarynyň dowam edýändigini aýdan Ruhani: “ABŞ-da täze hökümet diskurslarynda içgin bolsa, wagt ýitirmän ýoluny özgermeli we geçmişde eden ýalňyşlarynyň öwezini dolmaly” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ibrahim Kalyn Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi
Prezident Erdogan 21-nji mart Bütindünýä Daun sindrom habardarlyk güni mynasybetli beýanat berdi
Gruziýada koronawirus epidemiýasy sebäpli görülýän öňüni alyş çäreler protest edildi
Liwanyň Premýer ministri: "Ýurt çöküşiň bosagasynda" diýdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Ahalyň yklym ýaryşyndaky statistikasy
"Biziň tamamyz NATO-nyň birligine we jebisligine güýç goşjak pozisiýany ABŞ-dan görmekdir"