Jokrama yssyda Türkmenabadyň golaýynda zibil poligony ýanýar

Jokrama yssyda Türkmenabadyň golaýynda zibil poligony ýanýar

Lebap welaýatynda birnäçe gün bäri zir-zibil toplanýan poligon ýanýar. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, tüsse we ýakymsyz ys sebäpli golaýdaky şäherçeleriň ýaşaýjylary üçin dem almak kyn bolýar. Bu günler sebitdäki howa 40 gradusa çenli gyzýar.

"Ýanýan poligonyň ýaramaz ysy 10 kilometre ýaýrady. Tüssesi hem şol aralykda görünýär" - diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy aýtdy.

Poligon Türkmenistanyň gündogar sebitiniň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabatdan 15 çemesi kilometr uzaklykda ýerleşýän Çärjew etrabynda ýerleşýär. Zibil bu ýere Türkmenabatdan we golaýdaky etraplardan getirilýär. Habarçynyň sözlerine görä, zibil toplanýan meýdançada ýangynlar öňem yssyda döräpdi.

"Dem almak kyn, demiň gysýar" - diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berýär.

Habarçy ýangyndan we onuň döredýän täsirinden ýerli häkimiýetleriň we daşky gurşaw guramalarynyň habarlydygyny, emma muňa garamazdan, netijeli çäreleriň görülmeýändigini aýdýar.

"Poligony söndürip bolmaýar. Ýeterlik suw ulanylmaýar. Bu poligonda birnäçe ýyllap daşalan müňlerçe tonna galyndy bar" -diýip, habarçy aýdýar.

Ýerli çeşmeleriň habaryna görä, poligondaky ýangyny söndürmek üçin ulanylýan suwuň mukdary ýeterlik däl. Suw daşamak üçin ulanylýan köne tehnika zerarly suwuň uly mukdary ýol ugry dökülýär.

“Ýanyp duran poligon üçin suw Türkmenabadyň demirgazygynda Amyderýanyň şahasyndaky howdandan daşalýar.Türkmenabadyň arassaçylyk gullugynyň awtoparkyndaky köne MAZ 8 kubmetr suwy tas 25 kilometr aralyga daşaýar.Ulag çeleginiň bar ýeri deşik bolup, guýlan suw akyp ýatyr.

Ol ýoly söküp poligona gelýänçe 5 kubometri galýar" diýip, çeşme bu suwuň ýanýan galyndylary 5 metr aralykda söndürmek üçin ýeterlikdigini we söndüriş çäreleriniň munuň bilen gutarýandygyny, sebäbi suwuň poligona günde bir gezek iberilýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy poligondaky ýangyn we ony söndürmek üçin görülýän çäreler barada Lebap welaýatynyň administrasiýasyndan we jemagat gulluklarynyň wekillerinden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Bu wagt poligondaky hapalaryň ýanmagy zerarly 40 gradus yssyda zäherli tüssäniň we ýaramaz ysyň ýaýramagy dowam edýär.

Bu aralykda, soňky üç gün meteorologiki gözegçilik taryhynda global derejede temperatura rekorduny görkezdi. Meteorologlaryň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylyň 3-nji iýuly, taryhda iň yssy gün bolup, bu tutuş planetada ortaça temperaturanyň ýedi ýyl ozalky rekordyndan geçipdir.

Alymlar howanyň üýtgäp, täze temperatura rekordlarynyň döremegine parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň we El-Niño diýlip atlandyrylan tebigy hadysasynyň başlamagynyň sebäpli bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan planetany gyzdyrýan gazlaryň syzmagy boýunça dünýäde ilkinji ýerlerden birini eýeleýär.

“Bloomberg” neşiriniň ozal habar berşi ýaly 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda NASA Türkmenistanda 10-dan gowrak ýerde ýokary derejede metan gazynyň syzmasynyň üstüni açdy. “Bloomberg” ozal Türkmenistanyň günbatarynda 29 nebit we gaz enjamy abatlansa, bu sebitiň dünýäniň howasyna edýän ýaramaz täsirini ep-esli azaldar diýip habar berdi.

Şu ýylyň mart aýynda “The Guardian” britan neşiri Türkmenistanda bir sagadyň içinde 67 million awtoulagyň zyňyndylaryna deň bolan zyýanly metan gazynyň howa syzandygyny habar berdi.

Türkmen hökümeti howanyň hapalanmagy baradaky habarlara resmi kommentariý we düşündiriş bermeýär. Şeýle-de bolsa, 2022-nji ýylyň başynda türkmen häkimiýetleri Garagumda 50 ýyl bäri ýanýan açyk gaz ýatagyny söndürmek niýetini yglan etdiler. 2021-nji ýylyň noýabrynda Glazgo şäherinde geçirilen konferensiýada eden çykyşynda şol wagt premýer-ministriň orunbasary bolan häzirki prezident Serdar Berdimuhamedow parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagy ýurduň 2030-njy ýyla çenli ileri tutýan ugurlarynyň biri hökmünde agzapdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiye-Şwesiýa-NATO maslahaty dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi
Metan zyňyndylary bilen tanalýan Türkmenistan ulaglardan çykýan zyýanly gazlara garşy göreşýär
Apple Hindistanda zawod gurar
Hazarüsti taslamasynyň gün tertibine getirilmeginiň arasynda Berdimuhamedow Brýussele sapar eder
Taýlandda tüwi gymmatlady
Tüwi gymmatlady