Jordanyň oýun maýkasy 10 million dollara satyldy

Jordanyň oýun maýkasy 10 million dollara satyldy

Rowaýaty amerikan basketbolçysy Maýkl Jordanyň Çikago toparynyň düzüminde Ýuta toparyna garşy Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) final oýnunda geýen maýkasy Sotheby's söwda-satyk öýi tarapyndan 10,091 million amerikan dollaryna satyldy. Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

Bir ýyl mundan öň Jordanyň 1984-nji ýylda NBA-daky ilkinji oýnunda geýen sport aýakgaby 1,472 million dollara satylypdy. Jordan ESPN-niň wersiýasy boýunça taryhda iň gowy basketbol oýunçysy hasaplanýar. Ol iki gezek olimpiýa çempiony, alty gezek NBA-nyň çempionydyr. Basketbolçy Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça taryhda iň köp hak tölenen türgen hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä basketbol güni
50 ýyldan soň çempion boldy
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy
Basketbolçy Lebron Jeýms dollar milliarderi boldy
Ýagşymyradow Bellator 292-de Englikasy ýeňdi, Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy ýygnaldy, Si Szinpin Hytaýyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy we beýleki habarlar
Zähmet soňy rehnet