Basketbolçy Lebron Jeýms dollar milliarderi boldy

Basketbolçy Lebron Jeýms dollar milliarderi boldy

"Los-Anželes Leýkers" milli basketbol assosiasiasynyň klubynyň oýunçysy Lebron Jeýms dollar milliarderi boldy. Bu barada Forbes habar berýär diýip, Gazeta.ru-a salgylanýan Trend habar berýär. Türgen Milli basketbol assosiasiasynyň milliarder bolmak nesip eden, şu wagtam oýnaýan ilkinji oýunçysydyr.

Basketbol dünýäsiniň ikinji dollar milliarderiniň "Çikago Bullz"-yň ozalky oýunçysy, bu çägi 2014-nji ýylda boýun egdiren Maýkl Jordandygyny ýatladýarys.Lebron Jeýms iki gezek olimpiýa çempiony we dört gezek Milli basketbol assosiasiasynyň çempiony hasaplanýar.

Geçen möwsümde "Leýkers" pleý-off-a çykyp bilmedi. Şeýlelikde, Jeýms Milli basketbol assosiasiasynyň düzümindäki 19 ýyllyk karýerasynyň dowamynda pleý-off-yň diňe dördünji seriýasyny duşundan geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Doglan gününde taryhy başarnyk görkezdi
50 ýyldan soň çempion boldy
Ýagşymyradow Bellator 292-de Englikasy ýeňdi, Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy ýygnaldy, Si Szinpin Hytaýyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy we beýleki habarlar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Maýkl Jordan üçin ýörite döredilen Nike krossowkalarynyň ilkinji jübüdi 1,47 mln dollara satyldy
Jordanyň oýun maýkasy 10 million dollara satyldy