Jorj Martin Tagtlaryň oýny bilen Aždarhanyň öýüniň arasyndaky tapawudy aýtdy

Jorj Martin Tagtlaryň oýny bilen Aždarhanyň öýüniň arasyndaky tapawudy aýtdy

Amerikaly ýazyjy Jorj Martin Tagtlaryň oýny serialyna garanyňda, Aždarhanyň öýi atly täze serialyň has ynsanperwerdigini boýun aldy, onuň pikiriçe, täze serial Şekspiriň taryhyny şöhlelendirýär. Bu barada Screen Rant neşiri habar berdi diýip, Izwestiýa ýazýar.

Seriallaryň ikisi hem häkimligiň meselelerine we Demir tagta eýelik etmek üçin göreşe bagyşlanandyr. Emma Aždarhanyň öýi Şekspiriň tragediýasyna has golaýdyr. Ol ajaýyp gahrymanlardan doly. Täze serialda erbet ýigitler asyllylyk görkezse, oňat hasap edýänleriňiz adalatsyz işleri ederler, edil hakyky adamlar ýaly-da diýip, ýazyjy ýazdy.

Täze serialdaky wakalar Tagtlaryň oýnunda beýan edilen wakalardan iki ýüz ýyl öň bolup geçýär we Targariýenleriň arasyndaky raýatlyk urşy barada gürrüň berýär. Ssenariniň esasynda Jorj Martiniň Alaw we gan atly romany ýatýar.

Aždarhanyň öýi atly täze serialyň premýerasy düýn, 21-nji awgustdan 22-nji awgusta geçilýän gije boldy. Serialyň birinji möwsümi 10 bölümden ybarat bolar.

Ýene degişli makalalar

Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy
1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli awgustyň aýagynda ekrana çykar
Aždarhanyň öýi atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy
Hytaýyň ýaşaýjylary gök suw barsynyň Täze ýylyny garşy aldylar
Amerikan aktýory we başa-baş söweş sungatlarynyň ussady Bob Uoll aradan çykdy