HBO Tagtlaryň oýnunyň dowamyny surata düşürýär

HBO Tagtlaryň oýnunyň dowamyny surata düşürýär

Amerikanyň HBO striming ulgamy meşhur Tagtlaryň oýny (Игра престолов) serialynyň dowamyny surata düşürmäge girişdi, tapgyr tutuşlygyna baş gahryman Jon Snoua bagyşlanar. Bu barada Hollywood Reporter žurnaly habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

Tapgyrda baş keşbi ýene-de Kit Harington ýerine ýetirýär, şeýle-de öňki bölümlerde aman galan gahrymanlar, şol sanda Arýa Stark, Sansa Stark we Briýenna Tart dagy peýda bolar diýlip garaşylýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu teleserial HBO ýaýlymynyň bütin taryhynda iň meşhur taslama bolup durýar we ol köpsanly Emmi telewizion baýraklaryna mynasyp boldy.

Tagtlaryň oýnunyň ilkinji görkezilişi HBO serwisinde 2011-nji ýylda boldy, onuň jemleýji — sekizinji möwsümi 2019-njy ýylda ýaýlyma çykdy.

Filmiň esasynda ýazyjy Jorj Martiniň Buzuň we alawyň aýdymy diýen romanlar tapgyry ýatýar.

Aždarhanyň öýi diýlip at berlen täze serial 21-nji awgustda ýaýlyma çykar, onuň birinji möwsümi 10 bölümden ybarat bolar.

Ýene degişli makalalar

Jorj Martin “Aždarhanyň öýüne” dört möwsümiň gerekdigini aýtdy
HBO teleýaýlymy Tagtlaryň oýnunyň prikwelini surata düşürmekçi
Türkmenistanda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek boýunça ses bermek üçin uçastoklar açylar, hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlady we beýleki habarlar
Aždarhanyň öýüniň ikinji möwsümi 2024-nji ýyldan bärde çykmaz
Aždarhanyň öýüniň dokuzynjy bölümine iň köp adam tomaşa etdi
Aždarhanyň öýüniň birinji bölümine 10 million adam tomaşa etdi
Aždarhanyň öýi atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy