Joş Teýlor Hose Ramiresi ýeňip, boks boýunça absolýut dünýä çempiony boldy

Joş Teýlor Hose Ramiresi ýeňip, boks boýunça absolýut dünýä çempiony boldy

30 ýaşly şotlandiýaly boksçy Joş Teýlor Las-Wegasda ýeňil agram derejesinde absolýut dünýä çempiony boldy. Ol eminleriň biragyzdan karary bilen 28 ýaşly amerikaly boksçy Hose Ramiresi ýeňdi.

Söweşiň başynda türgenleriň güýçleri deň geldi, ýöne soňra WBA-nyň we IBF-iň titullarynyň eýesi bolan Teýlor artykmaçlyk gazanmaga başlady we WBC-niň we WBO-nyň çempiony Ramirezi iki gezek - altynjy we ýedinji raundlarda nokdaun etmegi başardy.

Teýlor soňky raundlarda biraz haýallady we Ramirez söweşiň soňky sekuntlaryna çenli ýagdaýy öz bähbidine üýtgetmäge çalyşdy.Netijede, eminler 114-112 hasap bilen ýeňşi Joş Teýlora berdiler.Mundan ozal, iki çempionyň hem wekili bolan Bob Arum şu söweşiň ýeňijisiniň başga bir ýokary derejeli boksçy, agyr agram derejesinde WBO-nyň çempiony we absolýut ýeňil agram derejesinde çempion Terens Krawford bilen duşuşyp biljekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

ESPN: Biwol ýylyň iň gowy boksçysy
Dewin Heýni Lomaçenkony ýeňip, çempionlyk guşaklaryny özünde saklap galdy
Golowkin ýene Alwarezden ýeňildi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Rami Kitaphanasy Dabaraly Ýagdaýda Açyldy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Wengriýa Bilen Ermenistan Diplomatik Gatnaşyklaryny Gaýtadan Dikeltdi