Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Dabaraly kabul edişlige Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Kabul şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň baştutanlary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyna taýýarlyk işleri barada maglumatlar ýetirildi.

Şeýle-de, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan TOPH gaz geçiriji, TOP elektrik geçiriji, demirýol, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy ýaly iri ykdysady taslamalara, owgan halkyna berilýän ynsanperwer kömeklere aýratyn ähmiýet berildi.

Mundan başga-da, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgylar görkezildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Kabulda Bütindünýä şäherler forumy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy
Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy
Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygy tarapyndan ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi
Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi
Pekin täjik-owgan serhedinde bolan ýaragly hüjümde üç raýatynyň öldürilendigini aýtdy
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň agza döwletleriniň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy