“KALBYMYŇ OWAZY”

“KALBYMYŇ OWAZY”

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 7-ne suratkeşler: Nursähet Eýeberenowyň, Röwşen Akyniýazowyň, Öwezmuhammet Akmuhammedowyň, Azat Taganowyň “KALBYMYŇ OWAZY” atly suratkeşleriniň toparlaýyn sergileri açyldy.

Sergide suratkeşleriň 150-den gowrak nakgaşçylyk, grafika we dizaýn, foto eserleri görkezildi.Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktory: Gözel Hakberdyýewa sergi gurnan suratkeşlere hormat hatlaryny gowşurdy we Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleri uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edip, sergini açyk diýip yglan etdi.

Serginiň sebäpkärlerini Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik bölüminiň başlygy Akmyrat Muhadow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Rejepmuhammet Berdiýew sebäpkärleri gutladylar. Soňra Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Dolyygtyýarly Ilçisi jenap Togan Oral özüniň şeýle ajaýyp sergileriň myhmanydygyna diýseň begendi. Sergidäki eserler myhmana ýakymly täsir galdyrandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Kalbymyň owazy
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Prezident Berdimuhamedow Milli Geňeşiň täze öýüniň başlygy saýlandy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda