Prezident Berdimuhamedow Milli Geňeşiň täze öýüniň başlygy saýlandy

Prezident Berdimuhamedow Milli Geňeşiň täze öýüniň başlygy saýlandy

14-nji aprelde prezident Berdimuhamedow Halk Maslahatyna ýolbaşçylyk etdi diýip döwlet habarlar gullugy TDH maglumat berdi.

Bu Geňeşiň agzalarynyň gizlin ses berlişiginiň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň ilkinji yygnanyşygynda boldy. Şol gün Berdimuhamedow Geňeşin 8 agzasynyň atlaryny yglan etdi.

Olary Esasy Kanunyň 2020-nji ýyldaky redaksiýasy boýunça prezident belleýär.

Olaryň atlary şular:

– Babaýew Kasymguly Gulmyradowiç

– Agaýew Guwançmyrat Bagybekowiç

– Orazmämmedow Batyr Geldimämmedowiç

– Gulmanowa Dünýägözel Akmuhammedowna

– Taganow Merettagan Gurbandurdyýewiç

– Gaýypow Serdar Aşyrowiç

– Halnazarow Merdan Jomardowiç

– Babanyýazow Çarygeldi Gurbangeldiýewiç

Parlamentiň täze öýüne ilkinji saýlaw 28-nji martda bolupdy. 29-njy martda bolsa, Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň agzasy saýlanandygy yglan edildi we wezipedäki prezident öňünden çap edilen kandidatlaryň sanawynda ýokdy.

Has dogrusy, beýleki kandidatlaryň resmi hasaba alynyşy tamamlanandan soňra ony hödürläpdirler.

Esasy Kanunyň 73-nji maddasyna laýyklykda, wezipedäki prezident Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da deputaty bolup bilmeýär.

Şeýlede 87-nji madda Halk Maslahatynyň agzalaryna we Mejlisiň deputatlaryna bir wagtda prezidentiň ýolbaşçylyk edýän Ministrler Kabinetiniň agzasy wezipesini eýelemegi göniden-göni gadagan edýär.

Belläp geçsek, Halk Maslahatynyň 56 agzasy bar.Olaryň 48-si 5 welaýatdan we Aşgabat şäherinden hödürlenýär.Galan 8-sini prezident belleýär.The post Prezident Berdimuhamedow Milli Geňeşiň täze öýüniň başlygy saýlandy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde guramaçylyk meselelerine seredildi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetleriň ýolbaşçylary saýlandy