Kaliforniýaly Rubigiň kubigini 3,3 sekuntda düzdi

Kaliforniýaly Rubigiň kubigini 3,3 sekuntda düzdi

Skubing boýunça 21 ýaşly amerikaly çempion Rubigiň kubigini 3,13 sekuntda düzüp, sportuň bu ýokary bäsdeşli görnüşi boýunça öňki dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýty habar berdi.

Habarda Kaliforniýa ştatyndan bolan Maks Parkyň öň hytaýly spidkuber Ýuşeng Du tarapyndan Rubigiň kubigini düzmekde 2018-nji ýylda goýlan rekordy täzeländigi aýdylýar.

Park öň sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşikde 3,63 sekunt görkeziji bilen ikinji orny eýeläpdir.

Maks çagaka autizm ruhy hassalygyndan ejir çekipdir, lukmanlar onuň ene-atasyna çaganyň spidkubing bilen meşgullansa, peýdaly boljakdygyny maslahat beripdirler.

Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna gürrüň beren ene-atasy Maksyň hatda çüýşäniň gapagyny hem açmagy başarmandygyny, emma Rubigiň kubigini düzmek bilen meşgullanyp başlandan soňra ruhy hassalykdan sagalandygyny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Messi möwsüm tamamlanansoň PSŽ-ni terk eder
Türkmenistan Gazagystana yzygiderli howa gatnawlaryny dikeltdi, Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäreleri geçirildi, Arkadag şäherine we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna ÝHHG-niň güwänamalary gowşuryldy we beýleki habarlar
Messiniň Pari Sen-Žermen toparyndaky döwri gutarýar
Aksoltan Ataýewa Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
Stoluň üstünde oýnalýan tennisiň taryhyndan
Rubigiň kubigini tiz düzdi