Kamala Harrisiň tarapdarlary köle bakyp gygyrdylar

Kamala Harrisiň tarapdarlary köle bakyp gygyrdylar

ABŞ-nyň Prezidentligine öňki dalaşgär Kamala Harrisiň tarapdarlary Ilkidurmuş gygyrma diýen at bilen çäre guradylar diýip, 360 neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar. Ol Tennesi ştatynyň Klaud-park diýen ýerindäki kölüň ýakasynda geçdi. Çäräniň geçişiniň wideosyny oňa gatnaşyjylaryň biri sosial sahypasynda ýerleşdirdi. Wideoda esasan hem zenanlardan ybarat bolan köpçüligiň kölüň ýakasynda durup suwa gygyryşlary, soňam birek-biregi gujaklaýyşlary görkezilýär.

Olar şeýle etmek bilen, Harrisiň saýlawlarda ýeňlişe duçar bolmagyna gynanjyny beýan etdiler hem-de stresi aýyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Tramp “Ýylyň adamy” boldy
Diňle: Türkmen intelligensiýasy Baýdeniň bäsleşikden çekilmegini ara alyp maslahatlaşýar, sapak çykarýar
Türkmen intelligensiýasy Baýdeniň bäsleşikden çekilmegini ara alyp maslahatlaşýar, sapak çykarýar
24 sagatda rekord goýdy
Kamala Harris Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny habar berdi
Dalaşgärlikden el çekenden soňra halka ýüzlendi