Kamboja bilen syýahatçylyk pudagynda bilelikdäki meýilnamalary taýýarlamak teklip edildi

14-nji awgustda Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow ýurduň Syýahatçylyk ministri Tong Khon bilen duşuşdy.

M.Maşalow Türkmenistanyň hem Kambojada, hem Türkmenistanda syýahatçylyk çärelerini guramak isleýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, şular ýaly çäreler her bir ýurduň syýahatçylyk ýerlerini açyp görkezer we syýahatçylyk operatorlaryny özüne çeker.

Tong Khon bu teklibi goldady we syýahatçylyk pudagynda bilelikdäki meýilnamalary we çäreleri utgaşdyrjak Kamboja bilen Türkmenistanyň arasynda Özara düşünişmek baradaky memorandumy taýýarlamaga çagyrdy.

15-nji awgustda Türkmenistanyň Ilçisi M.Maşalow bilen Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Tuot Panhanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň arasynda ýokary derejeli saparlary amala aşyrylmagyň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.

Şol gün Türkmenistanyň Ilçisi bilen Kamboja Patyşalygynyň Milli Assambleýasynyň halkara gatnaşyklary, protokol we maglumatlar departamentiniň Baş direktory Wirak Promyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlyk netijeli gatnaşyklary üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygy barada nygtap geçdiler. Şeýle hem taraplar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, parlamentara gatnaşyklaryň bar bolan kuwwatyny giňden ulanmagyň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi
Türkmenistanyň ilçisi Kambojanyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
Türkmen diplomaty Kambojanyň Patyşasy bilen duşuşdy
Malaýziýanyň Mejlisiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistana gelmäge gyzyklanma bildirdi
Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Türkmenistan we Kamboja ýokary derejeli saparlary geçirmek mümkinçiligine garadylar