Kanada işlemek üçin iň meşhur ýurt boldy

Kanada işlemek üçin iň meşhur ýurt boldy

Kanada geçen ýyl zähmet migrantlary üçin has özüne çekiji ýurt boldy. Şeýle maglumaty iki halkara kompaniýasynyň (BCG we The Network) hünärmenleri bilelikdäki barlag işiniň netijesinde anykladylar diýip, vse42.ru habar berýär.

Maglumatlara görä, Kanada gazanç etmek maksady bilen öz ýurduňdan gitmek üçin has özüne çekiji döwlet bolup durýar.Reýtingde ol hatda ABŞ-ny hem gysyp çykardy.Bu barlag işi 190 ýurtdan 209 müň gatnaşyjynyň, takmynan, 50%-iniň gazanç etmek üçin öz ýurtlaryndan gitmäge taýýardygyny görkezdi.

Bu 2014-nji we 2018-nji ýyllaryň görkezijilerinden azdyr — degişlilikde, 64% we 57%.Sorag edilenleriň pikiri boýunça, göçmek üçin özüne çekiji ýurtlaryň onlugyna Awstraliýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Şweýsariýa, Singapur, Fransiýa, Täze Zelandiýa hem girdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň özüne çekiji köçeleri
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
2026-njy ýylyň iň güýçli pasportlarynyň sanawy
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň iň korrumpirlenen ýurdy- TI
Iň gysga iş hepdesi bolan ýurtlar
Dubaý we Abu-Dabi gurply dünýä şäherleriniň arasynda
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric-2025 dünýä reýtinginiň altyn sanawyna girdi