Kappadokiýa ýylyň ilkinji 3 aýynda 531 müň syýahatçy geldi

Kappadokiýa ýylyň ilkinji 3 aýynda 531 müň syýahatçy geldi

Newşehir welaýatynyň gubernatory Ali Fidan beren beýanatynda: "Ýylyň ilkinji 3 aýlyk görkezijilerine ser salanymyzda geçen ýyl 441 müň bolan syýahatçy sany şu ýyl 531 müň adama ýetdi.Kappadokiýa diňe tebigy gözellikleri bilen meşhur bolmak bilen çäklenmän, eýsem taryhy, binagärçiligi, gastronomiýasy we ýaşaýyş medeniýeti bilen gezelenç etmäge mynasyp bir sebit.

Bu ýere gezelenç edip görmedik adamlary sebitimize gelip görmäge çagyrýarys" diýip belledi.

Welaýatyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berilen maglumata görä, 2024-nji ýylyň ilkinji çärýeginde Göreme açyk howa muzeýine 154 müň 846 syýahatçy, Zelwe galyndylaryna 149 müň 25 syýahatçy, Kaýmakly ýerasty şäherine 90 müň 590 syýahatçy bilen iň köp syýahatçy kabul eden merkezler boldy.

Ýene degişli makalalar

Kappadokiýa Geçen Ýyl 1 Million 351 Müň 763 Syýahatçy Geldi
Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar
ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar
Kappadokiýa 10 Aýda 4 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi
ABŞ-nyň Federal kazyýeti USAGM-e AÝ/AR üçin aprel aýyna degişli serişdeleri goýbermegi buýurdy
Halkara gatnaşyklarymyz ösdürilýär
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"