Karlos Saýns ilkinji ýeňşini gazandy

Karlos Saýns ilkinji ýeňşini gazandy

Biraz öň Silwerstoun trassasynda Formula-1 boýunça 2022-nji ýylky dünýä çempionatynyň onunjy ýaryşy bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisi tamamlandy.

Birneme garaşylmadyk netije bilen tamamlanan ýaryşda Ferrariniň piloty Karlos Saýns Formula-1 bäsleşiklerindäki ilkinji ýeňşini baýram etdi.

Pellehana ýeňijiden 3.77 sekunt giç gelen Red Bull toparynyň sürüjisi Serhio Peres ikinji orny eýelän bolsa, üçünji ýer Formula-1 boýunça ýedi gezek dünýä çempiony bolan Mersedesiň wekili Lýuis Hemiltona nesip etdi. Möwsümiň umumy utuk jedweliniň liderleri Şarl Lenkler (Ferrari) bilen Maks Ferstappen (Red Bull) degişlilikde dördünji we ýedinji orunlary eýelediler.

Beýik Britaniýanyň Gran-prisinden soňra möwsümiň umumy jedwelinde toparlaryň arasynda 328 utuk bilen Red Bull, şahsy hasapda bolsa 181 utuk bilen şol toparyň piloty Maks Ferstappen liderlik edýär.

Ýene degişli makalalar

Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
35 ýyllyk rekord täzelendi
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Çempionyň 50-nji ýeňşi
Öz rekordyny täzeledi