Kassam, Ysraýyla Garşy Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Kassam, Ysraýyla Garşy Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Hamasyň Kassam atly harby topary, bir hepde-de ysraýylly 53 eseri öldürendiklerini, 68 sany harby ulagy hem hatardan çykarandyklaryny habar berdi.

Kassamyň metbugat geňeşçisi Abu Ubeýde, Gaza Sektorynda geçen hepde Ysraýylyň harby goşunyna degişli 68 sany harby ulaga uly zeper ýetirendiklerini aýtdy.

Ysraýylly 53 eseri öldürendiklerine ünsi çeken Abu Ubeýde, geçen hepde geçiren 57 aksiýalarynda ysraýylly onlarça esgeri ýaralandyklaryny belledi.

Kassamyň şol bir wagtda Ysraýylyň harby goşunyna degişli iki sany Skylars 2 kysymly gözegçilik uçaryny urup düşürendiklerini we 2-i kamikaze bolmak bilen 6 drony ele geçirendiklerini aýdan Abu Ubeýde, Gazada ysraýylly esgerleri nyşana almaga we Ysraýylyň içinde hem raketa hüjümlerini guramaga dowam edýändiklerini ýatlatdy.

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary Ysraýyla garşy 7-nji oktýabrdan giň gerimli hüjüm gurapdy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza sektoryna guraýan hüjümlerinde häzire çenli 11 müňi çaga, 7 müň 500 zenan bolmak bilen 25 müň 900 palestinaly öldürildi, 64 müň 110 adam hem ýaralandy.

Harabalyklaryň aşagynda hem müňlerçe adamyň bardygy nygtalýar.

Ysraýylyň harby goşuny, 7-nji oktýabrdan bäri Gazada 556 esgeriniň öldürlendigini habar berdi.

Çaknyşyklara berlen ynsanperwer arakesmede Ysraýylly 81, Palestinaly hem 240 ýesir boşadylypdy.

Ýene degişli makalalar

Hamas Ýesir Çalşygyny Yza Süýşürdi
Otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşdi, taksileriň ýol kireý nyrhlary ýokarlandy
Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi
Netanýahu we Gallant Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdylar
Ysraýylly esgerleriň Gazadaky ýitgileri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär