Katar 2022 Dünýä Kubogynyň iň owadan goly saýlandy

Katar 2022 Dünýä Kubogynyň iň owadan goly saýlandy.FIFA tarapyndan berlen maglumatda Braziliýanyň ýygyndysynyň ýyldyz hüjümçisi Rişarlisonyň ýarym üstaşyr şekilde Serbiýanyň ýygyndysyndan geçiren ajaýyp goly çempionatyň iň owadan goly diýlip saýlandy.

Ol bu goly duşuşygyň 73-nji minutynda Winisius Junioryň pasyndan soň geçiripdi.Ses berlişige Rişarlisonyň golundan başga-da arabystanyly Salem Al-Dowsariniň Argentinanyň ýygyndysynyň derwezesinden geçiren goly niderland hüjümçi Kodi Gakponyň (Niderlandlar Senegal), argentinaly Enzo Fernandesiň (Argentina Meksika), kamerunly Wensan Abubakar (Kamerun Braziliýa), meksikaly Luis Çawesiň jerime urgusyndan geçiren goly (Meksika Saud Arabystany), fransiýaly Kilian Mbappeniň (Fransiýa Polşa), koreýaly Paýk Syn Honuň (Braziliýa G.

Koreýa) hem-de braziliýaly Neýmaryň (Braziliýa Horwatiýa) gollary-da dalaşgär görkezilipdi.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Goal-a görä, Messi Alty pökgä iň ýakyn futbolçy
Braziliýa 17-nji gezek çärýek finalda, Aziýada geçirilýän çempionat aziýalylarsyz dowam eder
“Real Madrid” hem utuk, hem-de birinjiligi ýitirdi
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema