Katar 2022-niň ilkinji iň uly sýurprizi

Katarda dowam edýän 22-nji Dünýä Kubogynyň ilkinji uly garaşylmadyk netijesi, uly sýurprizi hasaba alyndy. “C” toparçada çempionlygyň iň esasy dalaşgärlerinden diýlip görkezilýän Argentinanyň ýygyndysy “Lusail Iconic” stadionda Saud Arabystany bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 10-njy minutynda VAR-yň görkezmesi boýunça bellenen penaltini dürs ýerine ýetiren Lionel Messi hasaby açdy. Ýöne şondan soň argentinlere guramaçylykly hüjüm guramak başartmady.

Goragda, wagtal-wagtal hem hüjümde has täsirli çykyş eden araplar diýseň erjel oýun görkezdi.Esasan hem ofsaýt taktikasyny gyşarnyksyz berjaý eden araplaryň derwezesinden geçirilen 2-3 gol oýundan daşardaky ýagdaý sebäpli hasaba alynmady.

Oýnuň 1-nji ýarymy 1-0 hasabynda tamamlandy.

2-nji ýaryma erjel girişen araplar gol bilen başladylar. 48-nji minutda Messiniň aldyran topundan soň Al Şehri hasaby deňlemegi başardy.Bu goldan 5 minut soň, has takygy, 53-nji minutda Al Dawsari 2-3 argentinaly oýunçyny aldap, owadan urgy bilen araplary öňe saýlady.

Bu oýundaky soňky gol boldy.Duşuşygyň galan pursatlarynda argentinler hasaby deňlejek bolup näçe göreşselerem, berk goranmagy başaran Saud Arabystanynyň ýygyndysy hasabyň üýtgemegine ygtyýar bermedi.Netijede, duşuşyk 2-1 hasabynda Saud Arabystanynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Mundan öňki 4 oýunda ýeke gezek ýeňilmedik araplar 5-nji duşuşygynda ilkinji sapar Argentinany ýeňip, goňşusy Katardaky çempionata uly sýurpriz bilen başladylar. 36 oýundan bäri ýeňilmän gelýän Argentinanyň ýygyndysy 37-nji duşuşygynda utulyp, Italiýanyň rekordyny şärik bolmak mümkinçiligini elden giderdi.

Duşuşyga 4 futbolçysy 34 ýaşdan ýokary bolan oýunçylar bilen başlan Argentina Dünýä Kubogynyň taryhynda şeýle hasabat görkezen ilkinji ýygyndy boldy.

Şeýle-de, Lionel Messi 4 Dünýä Kubogynda tapawutlanan ilkinji argentinaly futbolçy bolup, ol umumylykda braziliýaly Pele, germaniýaly Zeeler hem-de Kloze, portugaliýaly Kristiano Ronaldo dagynyň hataryna goşuldy.

Argentina soňky gezek 1990-njy ýylda Dünýä Kubogyna ýeňliş bilen başlapdy. 1990-njy ýylda Kamerundan 1-0 asgyn gelipdi.

Ýene degişli makalalar

Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary
Dünýäniň nobatdaky çempionynyň belli boljak stadiony (Katar 2022-niň stadionlary)
Aziýa kubogynyň açylyş duşuşygynda Katar Liwany uly hasap bilen ýeňdi
Messi we ýoldaşlarynyň ýeňiş gazanmakdan başga alajy ýok 7-nji günüň duşuşyklary
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary
64 oýunlyk tomaşa başlaýar haýsy ýygyndy çempion bolar?