Kataryň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

Kataryň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady

29-njy iýulda Türkmenistanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmegi maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler.Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparyny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy ilçi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasra türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Katarly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan katarly kärdeşi Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Daşary Işler Ministri Fidan Katara Gitdi
Hakan Fidan Katarda Saparda Bolar
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Erdogan, Yslamy Arkalaşyk Oýunlaryna Gatnaşýan Ýurtlaryň Liderleriniň Hormatyna Nahar Berdi