“Kaýratda” gaýrat galmady

Gazagystanyň çempionatynda 11-nji tapgyrda wise-çempion “Kaýrat topary myhmançylykda “Astana” bilen duşuşdy.Gurban Berdiýewiň tälim berýän topary uly hasap bilen, 6-0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. “Astana” toparyna taryhy ýeňiş gazandyran gollaryň 3-sini Tomasow (18, 44, 62), 2-sini Euženiu (48, 72) hem-de beýleki birini Wlut (35) geçirdi.

Bu ýeňliş “Kaýrat” toparynyň şu möwsümdäki 4-nji ýeňlişi bolup, almatylylara 5 tapgyrdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok.Olar soňky 5 tapgyrda diňe 1 gezek deňme-deň oýnadylar. “Kaýrat” 11-nji tapgyrdan soň 13 utuk bilen 10-njy orunda barýar. 21 utugy bolan “Taraz” sanawyň başyny çekýär.

Ýene degişli makalalar

Astanada Owganystan boýunça “C5+1” formatyndaky ýörite mejlis geçirildi
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Özbegistan Türkmenistanyň çäginde awtomobil ýük daşamalaryny gaýtadan dikeltdi, Aşgabatda Rus diliniň güni bellenildi, Gurban Berdiýew Kaýratyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi we beýleki habarlar
Gurban Berdiýew Kaýratyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy
Gurban Berdiýew “Kaýratyň” tälimçiligini taşlady
Kaýrat Şahtýory ýeňip, alty duşuşyklyk şowsuzlygyň soňuna çykdy
Kaýratyň janköýerler kluby Gurban Berdiýewe ýüzlenme bilen çykdy