Kaýýunyň başdan geçirmeleri tamamlandy

Çagalaryň söýgüli gahrymany Kaýýu atly sary köýneklije oglanjygyň başdan geçirmeleri tamamlanýar. Bu barada şol multfilmi öndüriji şereket “Public Broadcasting Service” habar berýär. Şereket bu hoşlaşygyň täze başlangyçlara ýol açjakdygyny belläp geçdi.

Kanadanyň dünýä belli “Kaýýu” (Caillou) atly köp serialy multfilmi iňlis we fransuz dilinde bolup, çagalaryň söýgüli ekran eserine öwrülipdi. Bilim beriji häsiýeti bilen tapawutlanýan multfilm ilkinji gezek 1997-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ekranlara çykypdy. Şondan bäri multfilmi jemi 144 bölümi görkezilipdi.

The post Kaýýunyň başdan geçirmeleri tamamlandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Smartfondan käbir programmalary gyssagly aýyrmak maslahat berilýär
Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Nemes lukmanlary türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar
Zawodsyz awtoulag önümçilik hyzmatyny ýola goýar
Türkmen-rus söwda dolanyşygy $1 milliarda golaýlady.