Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider

Bezos Amazon-yň baş direktory wezipesinden gider

Amazon amerikan korporasiýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos 2021-nji ýylda baş direktor wezipesinden gidip, direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygynyň wezipesini eýelär. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy öz saýtynda habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Bezos işgärlere iberen hatynda Amazon-yň möhüm taslamalaryna täze önümleri we başlangyçlary ösdürmäge gatnaşmagy dowam etdirmekçidigini ýazdy. Şol bir wagtyň özünde ol beýleki taslamalaryna Blue Origin kosmiki kompaniýasyna, “The Washington Post” gazetine, Earth Fund gaznasyna köp üns berip biljekdigini belledi. Ýassi Amazon kompaniýasyna 1997-nji ýylda goşuldy.

Ol Amazon Web Services bulut hasaplamalary bölümine 2006-njy ýylda döredilen gününden bäri ýolbaşçylyk edýär.AWS kompaniýanyň operasion girdejisiniň köp bölegini 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginiň jemi boýunça 52 göterimini emele getirýär. “Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Bezos dünýäde iň baý adamdyr.

Onuň baýlygy 196,2 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

Ýene degişli makalalar

“Amazon”-yň täze hyzmatlary
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Üç ýyl bäri yzygiderli baý
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Ahal welaýatynda bugdaý ekilen meýdanlara ýokary derejede ideg edilýär
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi