Kerim Hojakow erkin göreş boýunça Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy

Kerim Hojakow erkin göreş boýunça Olimpiýa oýunlarynyň Aziýa saýlama ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy

Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşda erkin göreş boýunça türkmenistanly türgen Kerim Hojakow bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada Dünýä Göreş birleşmesiniň (UWW) resmi saýty habar berýär.

Türkmenistanly pälwan bu üstünligi 65 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Kerim Hojakowyň ýaryşan agram derejesinde türgenleriň 10-sy medallar ugrunda göreşdi.

K.Hojakow erkin göreşiniň ilkinji tilsimlerini tälimçisi Batyr Akmuhammedowdan aldy. Dürli derejeli halkara ýaryşlarda 3 kümüş, 1 altyn medal gazanan K.Hojakow häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy bolup, baş tälimçi Ýusup Meläýewiň elinde türgenleşýär.

Ýene degişli makalalar

Söhbediň aýdymy bilen adygan
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyndan žiwopis manzarlary
Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowa aşgabatlylary öz toplan eserleri bilen tanyşdyrdylar