Kerkidäki mekdepde eýýäm iki ýyl bäri çagalara fransuz dili öwredilýär

Kerkidäki mekdepde eýýäm iki ýyl bäri çagalara fransuz dili öwredilýär

Kerki etrabynyň Çekir obasyndaky 36-njy orta mekdebi — welaýatymyzda fransuz diline ýöriteleşdirilen bilim ojaklarynyň biri. Mekdepde fransuz dili 5-nji synpdan okadylyp başlanýar. Ýöriteleşdirilen dil ugrunyň 2018-nji ýylda girizilendigi sebäpli häzir fransuz dilini öwrenýän okuwçylaryň iň ululary ýedinji synpda okaýar ― diýip, Türkmen gündogary gazeti habar berýär.

Edil häzirki wagtda mekdepde fransuz dili boýunça dört mugallym zähmet çekýär. Olar ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarydyr. Atlandyryp geçmeli bolsa, Aýna we Sona Allakulyýewalardan başga-da, Abdymajit Altyýew, Şoira Işankulowa dagy okuwçylary fransuz diliniň çuňluklaryna alyp gidýärler.

Mekdebiň mugallymy, Kazan şäherindäki mugallymçylyk institutynyň uçurymy Aýna Allakulyýewanyň gürrüň berşi ýaly, fransuz dilini öwretmek işi ýörite düzülen maksatnama laýyklykda alnyp barylýar. 5-nji synpyň okuwçylary harplary we käbir sözleri öwrenýän bolsalar, eýýäm 6-njy synpda tekstler, sözlükler bilen işlenilip, okuwçylaryň özbaşdak terjime başarnyklary hem synag edilýär. 7-nji synpyň okuw maksatnamasy bolsa kiçi synplardakydan hem giňdir.

― Her okuw ýylynyň başynda okuw kitaplary gelip gowuşýar. 5-nji synp okuwçylary bolsa kesgitlenilen nusgadaky ýazuw depderleri bilen hem üpjün edilýär.Mundan daşary hem internetiň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýarys.

Dürli wideogörnüşler, ses ýazgylary, öwrediji oýunlar, suratlar, sowal-jogap tagtajyklary sapaklaryň gyzykly we netijeli geçmegine ýardam berýär.Wagtal-wagtal bolsa okuwçylaryň arasynda zehin bäsleşiklerini hem geçirip durýarys ― diýip, Aýna mugallym mekdepde fransuz diliniň öwredilişi barada gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işgärleriniň 70-e golaýyny sylaglady
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenistanda korrupsiýada aýyplanan emeldarlaryň nobatdaky tapgyry tussag edildi (foto)
Türkmenistan korrupsiýa tutda-baslyklaryny dowam etdirýär
Halkara jemgyýetçiligi türkmen tussaglary babatda gyssagly çäre görmäge çagyrylýar