Kirbi: "Türkiyäniň özüni we raýatlaryny goramaga hukugy bar" diýdi

Kirbi: "Türkiyäniň özüni we raýatlaryny goramaga hukugy bar" diýdi

ABŞ-nyň Ak Tamyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň Strategik aragatnaşyk direktory Jon Kirbi, gündelik metbugat ýygnagynda, Türkiyäniň Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e garşy alyp barýan operasiýalarynyň üstünde durup geçdi.

Türkiyäniň terrorçylykly hüjümlere sezewar galýandygyny aýdan Kirbi: "Türkiyäniň terrora garşy özüni we raýatlaryny goramaga hukugy bar" diýip belledi.

Jon Kirbi 22-nji noýabrda beren beýanatynda hem, Türkiyäniň günorta serhedinde terror howpyna sezewar galýandygyny we özüni her dürli ýagdaýda goramaga hukugynyň bardygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Türkiyä satylmagy meýilleşdirilen F-16 harby uçarlar barada beýannama berdi
ABŞ-nyň Terrorizme Garşy Göreş Boýunça Resmisi Şu Gün Türkiýä Geler
Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi
Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary