Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Kitaphana barsaň açyk gapylar, ertekiler, tapmaçalar tapylar ady bilen sesli okaýyş geçirildi. Çärede türkmen halk ertekilerinde beýan edilýän wakalar çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolmagy, ýaş nesillerimizde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemekde ertekiler gymmatly hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk döredijiliginiň her bir žanry durşy bilen çaga we şahsyýet terbiýesine bagyşlanan, sanawaçlar, matallar, ýaňyltmaçlar, goşgular, ertekiler, rowaýatlar, bularyň ählisi hem bir tarapdan çaga düşünjesini, pikirleniş we sözleýiş ukybyny, ýatkeşligini ösdürmek üçin niýetlenendigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
